Gadam Market
Tehniki meýilnama taýýarTürkmenistan üçin onlaýn marketpleýs. Dükan eýesi öz dükanyny birnäçe minutda açýar, alyjy ähli dükanlary bir ýerde görýär we harydy nagt ýa-da Ynamly Gadam arkaly möhletleýin alýar. Android, iOS we web.
Çözgüt POS dükanyň satuwyny we karzyny, Ynamly Gadam bölüp tölemek bilen söwdany hasaplaýar. Programmalarymyz türkmen dilinde we ofisiň öz serwerinde işleýär, internet hökman däl.
Häzire çenli eden we häzir üstünde işleýän işlerimiz. Taslamanyň adyna basyp, jikme-jik maglumata geçiň.
Dükanlar üçin satuw ulgamy: kassa, karz depderi, müşderi getirýän ussalaryň paýy we admin paneli bir programmada.
Bölüp tölemek bilen söwda üçin hasap programmasy: şertnamalar, tölegler, jerimeler, ýatyryjylaryň puly we kassa bir ýerde, her teňňesi goşa ýazgy bilen.
Häzir işlenilýän we meýilnama tapgyrynda duran işlerimiz.
Türkmenistan üçin onlaýn marketpleýs. Dükan eýesi öz dükanyny birnäçe minutda açýar, alyjy ähli dükanlary bir ýerde görýär we harydy nagt ýa-da Ynamly Gadam arkaly möhletleýin alýar. Android, iOS we web.
Penjire we gapy taslamasy üçin programma: ölçegleri girizip, harydyň bahasyny hasaplaýar.
NVR enjamynyň ýerine adaty kompýuteri ulanýan gözegçilik ulgamy. Kameralary öz mobil programmamyz arkaly islendik ýerden onlaýn görmek bolýar.
Kiçi we orta kärhanalar üçin emeli aňa esaslanan awtomatik gözegçilik we buhgalteriýa ulgamy.
Çözgüt dükanlar we söwda kärhanalary üçin programmalar döredýär. Programmalarymyz türkmen dilinde, ofisiň öz serwerinde işleýär we Türkmenistanyň iş şertlerine laýyklykda düzülen. Olary özümiz ýazýarys, gurnaýarys we synagdan geçirýäris.
Programmalarymyz, hyzmatdaşlyk ýa-da gurnamak barada soraglaryňyz bolsa, bize ýazyň ýa-da jaň ediň.
Habarlaşmak üçin maglumatlar ýakyn wagtda goşular.